ÝAÝ ATYJY­­LYK
Türkmenistanyñ Milli Federasiýasy
Назад к списку

II GDA OÝUNLARY BELARUS 2023

GDA ýurtlarynyň II oýunlary 2023-nji ýylyň 4-14-nji awgustynda Belarus Respublikasynda geçirilýän halkara ýaryşdyr. 


Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň häzirki zaman maksatnamasyna laýyklykda ýaryşlar sportuň 20 görnüşi boýunça geçiriler.

GDA ýurtlarynyň II oýunlary 4 müň türgen, 900 töweregi tälimçi we 80 emin bilen birlikde alty müňden gowrak adamy özüne jemlär. Bäsleşikler Belarus Respublikasynyň 11 şäherinde geçiriler.

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny 5-nji we 14-nji awgustda “Minsk Arenada” geçirmek meýilleşdirilýär.

Belarus Respublikasy iri sport ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribä eýedir. Bular 2019-njy ýylda geçirilen II Ýewropa oýunlary, 2014-nji ýylda guralan hokkeý boýunça dünýä çempionaty we başga-da birnäçe halkara ýaryşlarydyr.

Türkmenistanyň ýygyndysy GDA ýurtlarynyň sport oýunlaryna gatnaşmak üçin Belarusa ilkinjileriň hatarynda bardy.

Türkmenistanyň sport wekiliýeti 110 adamdan ybarat bolup, türgenleriň 80-si sportuň 13 görnüşinde çykyş eder.

GDA ýurtlarynyň I oýunlary 2021-nji ýylda Kazanda geçirildi. Ol ýerde sportuň 16 görnüşi boýunça medallaryň 181 toplumy ugrunda bäsleşildi. 

www.sportcom.gov.tm