Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini dörtýyllygyň iň uly sport baýramyna taýýarlamakda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu barada "Türkmen sporty" gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri beýleki ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa hemde XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak boýunça taýýarlanan maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň milli federasiýalarynyň guramagynda alnyp barylýan ýokary derejedäki türgenleşikleriň, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenleri nobatdaky tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna ykjam taýýarlanýarlar. Olaryň zerur şert-mümkinçilikleriň ählisi bilen üpjün edilmegi bolsa, has-da kämil derejedäki taýýarlygyň gazanylmagyny şertlendirýär.
Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesinde, Gökdere jülgesinde alnyp barylýan ykjam türgenleşikler hem-de gatnaşylýan iri halkara ýaryşlar bolsa munuň üstüni ýetirýär.
Dörtýyllygyň iň iri sport baýramçylygyna türkmen ýygyndylary sportuň 9 görnüşi boýunça gatnaşarlar. Şol görnüşleriň hatarynda dzýudo hem-de sportuň suwda ýüzmek görnüşi hem bolup, bu ugurlardaky türgenleşikler diýseň ýokary häsiýete eýedir. Milli sportumyzyň kämil binýadyny emele getirýän Olimpiýa şäherçesinde alnyp barylýan ýokary derejedäki taýýarlyklar türkmen dzýudoçylarynyň hem-de ýüzüjileriniň ýeňşe ynamyny artdyrýar. Häzirki wagtda ildeşlerimiz Pariž Olimpiadasyna gatnaşmaga ýollanma gazanmak üçin iň abraýly ýaryşlarda çykyş edýärler.