Türkmenistanyň ýaýdan nyşana ok atmak boýunça milli ýygyndysy Ýewraziýanyň açyk Gran-pri ýaryşyna gatnaşar.
«Bu halkara ýaryş 15 - 21-nji noýabr aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçiriler» diýip, Türkmenistanyň metbugat serişdeleri ýazýar.
Rüstem Gurbanowyň tälimçiliginde ýeňiş üçin göreşjek türkmen toparyna 8 türgen agzalyk eder.
Olar:
• Wepa Sähedow
• Şöhrat Jumakulyýew
• Agajan Gullaşow
• Oksana Gataulina
• Köwser Abbasowa
• Myrat Ýazmedow
• Ezizmuhammet Sähedow
• Söýli Meredowa