ÝAÝ ATYJY­­LYK
Türkmenistanyñ Milli Federasiýasy
Назад к списку

Durşuna talant doganlar

Geçen ýyl Ýaşlar baýragynyň gowşuryş dabarasynda Ýaşlar baýragyny alan mekdep okuwçysy bilen tanyşdym. Ol bu baýragy alan güni, ýagny 16-njy noýabr şol bir wagtyň özünde doglan güni eken. 


Mugallymy we kakasy hem onuň bu şatlygyny paýlaşmaga gelipdirler. 

Kowsär Abbasowa, ol wagt Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysydy. Häzir bolsa Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň I ýyl talyby boldy. Kowsäryň kakasy bilen söhbetdeş boldyk. Asyl görüp otursak bu gyzjagaz durşy bilen talant eken. Surat çekmek, ok ýaý atmak, daşary ýurt dilleriniň birnäçesinde gepläp başarmagy meni haýran galdyrypdy. 

Şu golaýda bolsa Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasynyň merkezinde 18-metr aralyga ýaýdan nyşana ok atmak sporty boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatynyň sylaglandyryş dabarasynda gatnaşdym. Asyl diňe Kowsär däl, eýsem beýleki 3 dogany hem özi ýaly zehinli eken. Soňky çempionatda Abbasowa Maede we Abbasowa Mohadesse öz ýaş kategoriýalarynda 3-nji orna mynasyp boldylar. Şeýle-de körpe jigileri Abbasow Äliäkbär öz deň-duşlarynyň arasynda üstünlikli çykyş etdi. Doganlaryň bu sport boýunça gazanan üstünlikleri bular bilen çäkli däl. Herbiriniň azyndan 4-5 sany medaly bar. 

Abbasow doganlar zehinli hem bolsa, bulara uly goldaw berýän gizli gahrymanlary bar. Ol hem bu çagalaryň ene-atalary. Çagalarynyň durmuşda köpugurly bolup ýetişmekleri üçin berilýän goldawynyň netijesi, hemme ene-ata üçin göreldelikdir. Ene-ata goldawy bilen dogry terbiýelenen, ýetişdirilen çagalar, sagdyn pikirli, sagdyn ruhly bolup ýetişýär. Sagdyn maşgala bolsa, sagdyn jemgyýeti emele getirýär. 

Bir ulylar, ähli ýaşlarymyzyň şeýle bolup ýetişmegini gazanmalydyrys! 

Merdan Ataýew